Tesla Şanhaýdaky zawodyndan elektromobilleriň iberilişini rekord derejede artdyrdy

11.10.2022, 22:587,865

Amerikan elektromobil öndürijisi Tesla Inc. sentýabr aýynda Şanhaýdaky kärhanasyndan elektromobil üpjünçiligini zawod kämilleşdirilenden soň rekord derejä ýetirdi. Bu barada Interfax.ru habar berýär.

Hytaýyň ýolagçy awtomobilleriniň assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlaryna görä, Tesla-nyň elektromobil iberişi awgust aýy bilen deňeşdirilende 8% ýokarlanyp, 83 135 birlige ýetdi, bu bolsa 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Şanhaýda önümçilik başlanandan bäri iň ýokary görkeziji boldy.
2022-nji ýylyň iýul aýynda amerikan HBS-i kompaniýanyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin kärhananyň işini togtadýandygyny habar berdi.
Sentýabr aýynda Hytaýyň BYD Co. kompaniýasy HHR-de iň uly elektromobil öndürijisi hökmünde Tesla-dan öňe geçdi. BYD geçen aý bazara tas 95 müň elektromobil iberdi – bu bolsa awgust aýy bilen deňeşdirilende, 14% köpdür. Gibrid hereketlendirijili awtomobilleri hasaba almak bilen üpjünçilik 201 müň birlik boldy. BYD-yň bu görkezijileriniň ikisi-de rekord boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.