Tesla kompaniýasy Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki umumy ýollarda «Cybercab» atly ilkinji seriýaly ulaglarynyň synaglaryny başlandygyny habar berdi. Bu modeliň aýratynlygy, rulunyň we pedallarynyň düýbünden ýoklugydyr.
Ýol synaglarynyň başlanandygy barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berip, «Cybercab-yň» şäher gatnawynyň içinde hereket edýän wideosyny çap etdi.

Synaglar 2024-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen konsepsiýanyň tanyşdyrylyşyndan iki ýyl geçmänkä başlandy. Mundan öň, «Tesla» Ostin şäherinde «Model Y-nyň» binýadynda sürüjisiz gatnaw hyzmatyny işe girizipdi, soňra bolsa robotaksiniň iş zolagyny şäher içi we şäherýaka ugurlaryna çenli giňeldipdi.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, «Cybercab» maşyn görüşine esaslanan «FSD» awtonom sürüjilik ulgamyny doly ulanýar. Bu modeliň ilkinji seriýaly awtoulagy 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda «Giga Texas» zawodynda öndürildi.
Kärhanalar öz taslama kuwwatlylygyna çykandan soň, «Tesla» ýylda 2 milliona çenli «Cybercab» öndürmegi meýilleşdirýär.