Toyota bz3 elektrosedanynyň ilkinji resmi suratlaryny çap etdi

27.10.2022, 13:159,752
1 / 4

Toyota kompaniýasy bZ — sedan bZ3-iň elektriki hataryndan ikinji modeliň ilkinji resmi suratlaryny çap etdi. Dört gapyly ulag üç kompaniýanyň güýji bilen işlenip taýýarlandy: ýaponlara  BYD we FAW hytaý konsernlerindäki kärdeşleri kömek etdiler, çünki bZ3 ilkinji nobatda hytaý bazaryna niýetlenendir. Güýç gurluşy barada ýeke-täk ýeke-täk aýdylan häsiýetnama — bu ýöreýiş ätiýaçlygydyr.

Toyota bZ3 2880 millimetr teker bazasynda 4725x1835x1475 gabara eýe boldy. Şunlukda elektrokar uzynlygy boýunça Toyota Corolla-dan çala geçýär, onuň oklarynyň aradaşlygy bolsa Toyota Camry-niňkiden uludyr. 
Elektriki dört gapyly ulaga 600 kilometrden agarak ýöreýiş ätiýaçlygyny üpjün edýän akkumulýator oturdarlar. Toyotada akkumulýatorlaryň hatda 10 ýyl ulanylandan soň hem öz sygymynyň 90%-ni saklajakdygyny mälim etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.