Lexus LX 600 Urban we Yeti Lifestyle Concept wnedorožnikleri tanyşdyryldy

08.11.2022, 06:2719,930
1 / 2

SEMA 2022 sergisiniň çäklerinde Lexus LX 600 F Sport-yň bazasynda gurlan Lexus LX 600 Urban wnedorožniginiň ilkinji görkezilişi boldy.

Lexus LX 600 Urban Brembo B-M8 tormozlary bolan üýtgeşik HRE 540 teker disklerine we ähli möwsüme bolýan Toyo şinalaryna, şonuň ýaly-da kastom gaz çykarýan turbaly Artisan Spirits-iň obwesine eýe boldy.
7 sekuntda 0-dan 100 km/sag çenli badyny artdyrýan, kuwwaty 406 at güýjüne deň bolan hereketlendirijili Lexus LX 600 Urban 203 müň dollar bahadan hödürlenýär.
LX 600-iň esasynda edilen ýene bir iş - Yeti Lifestyle Concept-dir, ol Yeti brendi bilen hyzmatdaşlykda döredilendir. Işjeň dynç alşy söýýänlere niýetlenen awtoulag täze bamperlere we tekerlere, sowadyjyly, gutuly we oturgyçly ýöriş toplumyna eýe boldy.


Yeti Lifestyle Concept-iň bahasy häzirlikçe belli däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.