16-njy noýabrda täze Toyota Prius-yň birinji görkezilişi bolar

15.11.2022, 13:4111,475

Toyota kompaniýasy owal 16-njy noýabrda ilkinji görkezilişiniň boljakdygy bildiriş edilen çäräniň Toyota Prius-yň gibridiniň täze nesline bagyşlanjakdygyny resmi görnüşde tassyklady. Ondan hem başga kompaniýa geljekki  ulagyň  täze şekilini çap etdi.

Täze suratda täze optikadaky C-görnüşdäki hodowoý yşyklar gowy saýgardýar. Şulardan çen alsaň, Toyotanyň täze elektrokarlarynyň stiliniňki ýaly , mysal üçin, Crown modeliniň täze nesliniňki pisint  ýerine ýetiriler.
Ondan hem başga, Prius relýefli kapota eýe bolar hem-de radiatoryň däp bolan gözeneginden gutarnykly dynsa gerek. 
Owal habar berlişi ýaly, Prius modully TNGA-nyň elementlerini we bZ hatarynyň elektrokarlary üçin işlenip taýýarlanan arhitekturany özünde sazlaşdyrýan bir täze platformada ýerleşer. 
Mundan hem başga, kompaniýa Prius-y içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen üpjün eder, onda bolsa däp bolan ýangyjyp deregine wodorod ulanylar: Şunuň ýaly synaglary Toyota eýýäm geçirip ýör. Emma häzirlikçe bu etsem-goýsamlar resmi ýagdaýda ykrar edilmedi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.