Gurbanguly Berdimuhamedow Nazarbaýewe operasiýadan soň, tiz sagalmagyny arzuw etdi

23.01.2023, 15:1430,022

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Arkadag — türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe geçirilen operasiýa bilen baglylykda hat iberip, oňa tiz wagtdan sagalmagy, şeýle hem berk jan saglyk, ruhubelentlik, gujur-gaýrat arzuw etdi.

Duşenbe güni Nazarbaýewiň metbugat-sekretary Aýdos Ukibaý Gazagystanyň ilkinji Prezidentiniň ýürekde operasiýany üstünlkli geçirendigini habar berdi.
82 ýaşly Nazarbaýew Gazagystanyň ilkinji Prezidentidir (1991-2019).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.