Türkmenistan we «Neopharma» derman senagatyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

Düýn, 14:512,248
1 / 4

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow penşenbe güni «Neopharma LLC» farmasewtika kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasy sosial torlarda habar berýär.

«Neopharma LLC» 2003-nji ýylda esaslandyryldy we üç yklymda 10 sany önümçilik kärhanasy bar. Kompaniýa derman serişdeleriniň 100-den gowrak görnüşini öndürýär we öz önümlerini dünýäniň 50-den gowrak ýurduna iberýär.

Duşuşykda derman serişdelerini ibermek, hünär tejribesini alyşmak hem-de tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem saglygy goraýyş pudagynda önümçilik mümkinçiliklerini ösdürmek meselelerine garaldy.

Ilçi Baýram Baýramow türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, taraplaryň farmasewtika senagaty boýunça amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar BAE kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak arkaly dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdy.

Şol gün ilçi Baýramow ady belli suratkeş Faiza Mohammed Hasany hem kabul etdi. Şarjaly suratkeş Niderlandlarda 4-6-njy sentýabrda geçirilýän atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde guralan «Ahalteke bedewi: gözelligiň kämil nusgasy» atly halkara çeperçilik bäsleşigine gatnaşdy. Faiza ahalteke bedewine bagyşlap, ýagly boýag bilen çeken «Golden Spirit» suratyny Ilçihana gowşurdy. Bu ýerde surat gelýän myhmanlaryň synlamagy üçin elýeterli bolar.

Ilçi, öz gezeginde, suratkeşe minnetdarlyk hatyny gowşuryp, döredijilik işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.