26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda täze Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynyň jemleýji tapgyryndaky işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Desganyň gurluşygy Görogly we Bekrewe köçeleriniň çatrygynda alnyp barylýar. Merkez dürli ýaşdaky raýatlara stomatologiýa we ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir.
Binada şöhle bilen anyklaýyş, kliniki barlaghana bölümleri, anesteziologiýa we reanimasiýa, fizioterapiýa, endoskopiýa we funksional anyklaýyş bölümleri, şeýle hem gije-gündizleýin işleýän stomatologiýa bejeriş otaglary ýerleşer.
Merkeziň ýene bir binasynda diş tehnikleriň labaratoriýasy, 107 orunlyk mejlisler zaly, birnäçe gatnawly bejeriş bölümleri we dolandyryş bölümi göz öňünde tutuldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypowyň beren maglumatyna görä, merkezde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň iň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Keseli anyklamakda we bejermekde sanly tehnologiýalary, emeli aňy we 3D-skaner enjamlaryny peýdalanmak meýilleşdirilýär.
Implantologiýa bölümine-de bu ýerde aýratyn üns berildi. Emeli aňyň esasyndaky ulgamlar uly göwrümli maglumatlary gysga wagtda seljerip, implantlaryň ýerleşişini, burçlaryny we olaryň aralygyny ýokary takyklyk bilen kesgitläp biler.
Şeýle hem merkezde 45 sany diş tehnikleri üçin sanly ulgam arkaly dolandyrylýan laboratoriýa döredilýär. Ol CAD/CAM toplumlary, awtomatik 3D çap ediş we arassalama enjamlary bilen üpjün ediler.

Türkmenistanyň Prezidenti merkezi döwrebap enjamlardan ýokary derejede baş çykarýan hünärmenler bilen üpjün etmegi hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen utgaşykly işlemegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutany Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli merkeziň dabaraly açylyşyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.