Türkmenistanda 1-nji synpa gitjek okuwçylara noutbuk görnüşli kompýuterler berler

17.03.2023, 23:1535,114

2023-nji ýylda 1-nji synpa kabul ediljek okuwçylar noutbuk görnüşli kompýuterler bilen üpjün ediler. Bu babatda alnyp barylýan işler barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, hil babatdaky standartlara we çagalar üçin saglygy goraýyş talaplaryna laýyklykda öndürilýän «Bilimli» nyşanly kompýuterleriň programma üpjünçiligi ep-esli kämilleşdiriler, ýadynyň göwrümi hem-de işjeňligi artdyrylar.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.