Türkmenistandan mekdep okuwçylary Himiýa boýunça 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasyna gatnaşar

14.04.2023, 10:3312,662

Türkmenistandan topar 1-nji maýdan 6-njy maý aralygynda Gazagystanda geçiriljek 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna (MMO-57) gatnaşar diýip, RIA Nowosti çäräniň guramaçylyk komitetine salgylanýar.

Olimpiada-2023 Astanada ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler. 20-den gowrak ýurtdan geljek toparlar abraýly ýaryşa gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Türkmenistan Halkara Mendeleýew olimpiadasyna yzygiderli gatnaşyjylaryndan biri bolup, bu ýaryşda hemişe dürli derejeli medallary gazanýar.
Beýleki yzygiderli gatnaşyjylaryň arasynda Awstriýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Mongoliýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Siriýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Horwatiýanyň we beýleki ýurtlaryň toparlary bar. Bu ýyl ýaryşa gatnaşmak üçin ilkinji bolup Braziliýa ýüz tutdy.
Olimpiadanyň esasy çäreleri Astanada geçer. Nazarbaýew uniwersitetiniň barlaghanalary we otaglary bäsdeşlik meýdançasyna öwrüler. Uniwersitetiň tehniki enjamlary himiki ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertlere doly laýyk gelýär.
Halkara Mendeleýew olimpiadasy mekdep okuwçylary üçin Bütinsoýuz himiýa olimpiadasynyň kanuny mirasdüşeri boldy we adatça, bäş-alty gün dowam edýär. Ol üç tapgyrdan ybarat: iki sany nazary we bir amaly.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.