RF-niň M.S.Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebine Türkmenistandan dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmegiň möhleti uzaldyldy

30.04.2023, 16:2224,243

Medeniýet we sungat ugurlary boýunça 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary hünär okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirmekligiň möhleti uzaldyldy. «Türkmenistan» gazetiniň 2023-nji ýylyň 17-nji martyndaky sanynda çykan bildirişiň möhleti şu ýylyň 10-njy maýyna çenli uzaldyldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň degişli bildirişi «Türkmenistan» gazetinde çykdy.

Bildirişdäki maglumata görä, okuwa girjekleriň resminamalary diňe Russiýanyň döwlet akademiki kiçi teatrynyň ýanyndaky M.S.Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebi (instituty) üçin aktýorçylyk sungaty hünäri boýunça goşmaça kabul ediler
Resminamalar Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kabul ediş iş topary tarapyndan Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

Ins­ti­tu­tyň­ sal­gy­sy: ­Aş­ga­bat­ şä­he­ri­niň­­ 1945-nji­ (10­ ýyl ­Aba­dan­çy­lyk) ­kö­çe­si­niň­­ 114-nji ­ja­ýy.­
Ha­bar­laş­mak­ üçin ­te­le­fon ­bel­gi­si: ­48-21-45

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.