Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenkony Belarusyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

03.07.2023, 10:467,318

Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de iki halkyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni 3-nji iýulda bellenilip geçilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.