Kia K3 sedanynyň täze nesliniň ilkinji görkezilişiniň senesi belli boldy

05.08.2023, 11:5410,057

Koreýanyň Kia kompaniýasy Meksikada K3 sedanynyň täze neslini hödürlär. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berdi. Ilkinji görkeziliş 8-nji awgustda geçer.

“Kia K3-iň ilkinji  görkezilişi sebitde Kia-nyň 8 ýyllygynyň bellenilmegine gabat geldi. Täze sedan nepis bezeg we giňiş salony sazlaşdyrýar. Awtoulag has ýokary segmentden bolan alyjylaryň ünsüni özüne çekmeli "- diýip, brendiň habarynda aýdylýar.

Ýaýradylan tizerden çen tutsaň, Kia K3 inçe LED çyralaryny alar. Model baradaky ähli maglumatlar görkezilişiň dowamynda köpçülige aýan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.