Ferrari-niň "Luce" atly seriýaly elektrik superkarynyň ilkinji nusgasy Kaliforniýa ştatynyň Montereý şäherinde awgust aýynyň ortalarynda geçjek "RM Sotheby’s" auksionyna çykarylar. Ferrari alnan ähli serişdeleri haýyr-sahawat işlerine gönükdirer.
Bahalandyrmalara görä, awtoulagyň bahasy 1,1 million dollara ýetip biler.
Söwdalara eýýäm ýygnalan we "Tailor Made" bölümi tarapyndan kämilleşdirilen awtoulag çykarylar. Alyjy onuň konfigurasiýasyny üýtgedip bilmez.

Kuzow ýagtylyga baglylykda ýaşyl reňkde bägül (melewşe) reňke çenli öwüşgin berýän "Madreperla" atly ýarym ýalpyldawuk reňkde ýerine ýetirilen. Salon "Le Mans Metallic in Perla" reňkdäki tebigy deri bilen bezelen. Awtoulag şeýle hem ýörite sargyt boýunça ýasalan salonyň bezeç elementlerini, teker disklerini, tormoz supportlaryny we ak fondaky "Ferrari" logotipini alypdyr.


Model amerikan ýöriteleşmesinde taýýarlanan we ilkibaşda ABŞ-nyň bazaryna niýetlenen. Eger auksionyň ýeňijisi başga ýurduň alyjysy bolsa, oňa awtoulagy daşamaklygy we resmileşdirmegi özbaşdak guramaly bolar.
Söwdany gurnaýjylaryň bahalandyrmasyna görä, "Ferrari Luce-iň" ilkinji nusgasy seriýaly awtoulaglardan takmynan iki esse gymmat durup biler. Ýewropada modeliň bahasy 550 müň ýewrodan, Hytaýda bolsa häzirki kurs boýunça takmynan 515 müň ýewrodan başlaýar.