Lebap we Mary welaýatlarynda ýokary okuw mekdepleriň täze binalarynyň düýbi tutuldy

01.09.2023, 16:1216,372

Şu gün, 1-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Mundan başga-da Mary welaýatynyň Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.