Tesla awtopilot bilen bagly näsazlyk zerarly 2 million awtoulagyny yzyna çagyrýar

15.12.2023, 13:515,647

Tesla kompaniýasy ABŞ-nyň ýollarynda ulanylýan 2 million ulagynyň hemmesini diýen ýaly yzyna çagyrýar. Yza çagyryş programmasy Awtoýol hereketiniň milli dolandyryş gullugy (NHTSA) awtopilot funksiýasynyň işledilen wagtyndaky 956 töweregi ýol-ulag heläkçiligini öwrenenden soň başlandy.

Bu barada NHTSA tarapyndan çap edilen hatda aýdylýar. Autosteer (destiň awtomatiki dolandyrylyşy) funksiýasy bolan jemi 2 031 220 ulag yzyna çagyrylar:

  • 2012-2023-nji ýyllarda öndürilen Tesla Model S;
  • 2016-2023-nji ýyllarda öndürilen Tesla Model X;
  • 2017-2023-nji ýyllarda öndürilen Tesla Model 3;
  • 2020-2023-nji ýyllarda öndürilen Tesla Model Y.

Kompaniýa “howa arkaly” mugt programma üpjünçiligini täzelemäge razy boldy. NHTSA hatynda käbir aşakda görkezilen ýagdaýlarda heläkçiligiň döremek howpunyň ýokary bolup biljekdigini belleýär:
«Awtomatiki dest dolandyryşy işleýär, sürüji bolsa ulagyň işleýşini gözegçilikde saklamaýar we zerur bolanda goşulyşmaga taýyn däl, ýa-da awtomatiki dest öçürilenmi ýa-da işledilmedikmi wagtynda saýgaryp bilmeýär».

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.