Ýewropa smartfon we hojalyk enjamlaryny öndürijilerinden üç ýyl kepillik bermegini talap etmek isleýär

09.02.2024, 00:126,150

Ýewropa parlamentinde abatlaýyşdan soň kepillik möhletini uzaltmak hukugy barada täze direktiwany kabul etmegiň we başga-da birnäçe täzelikleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny wylsa.com salgysyna salgylanýan Ferra habar berdi.

Resminamanyň işlenilýän taslamasyna görä, smartfonlary, tozan sorujylary, sowadyjylary, telewizorlary we beýleki elektronikany öndürijiler abatlaýyşdan soň sarp edijilere 12 senenama aýy kepillik bermeli bolarlar. Şol bir wagtda, abatlaýyş "amatly möhletlerde" we bu hyzmat tölegli bolan halatynda, "amatly bahalardan" üpjün edilmelidir.
Alyjy  bolsa öz tarapyndan, enjamy abatlatmalymy ýa ony doly çalyşmalymy, saýlap biler.
Şeýle hem, direktiwada Ýewropa Bileleşiginiň her bir ýurdunyň kepillik borçnamalarynyň möhletini iki ýyldan üç ýyla çenli artdyryp biljekdigi aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.