Iýun aýyndaky adatdan daşary yssy howa Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda we Beýik Britaniýada däne hasylynyň 9 million tonna golaý azalmagyna getirdi. Financial Times neşiriniň Ýewropanyň däne söwdasy assosiasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berşi ýaly, çekilen zyýanyň bahasy 2 milliard ýewrodan geçdi.
«Energetika we klimaty öwreniş» guramasynyň kesgitlemegine görä, ýitirilen bugdaý, arpa, mekgejöwen we beýleki däne ekinleriniň umumy bahasy takmynan 2,1 milliard ýewro ýetdi. Bu bolsa 2025-nji ýyldaky alnan hasylyň bahasynyň 5 göterimine deňdir.
Bu ýagdaýdan iň köp ejir çeken ýurtlar Fransiýa bilen Wengriýa boldy. Fransiýada däne öndürilişi 4,1 million tonna kemeldi, bu bolsa takmynan 891 million ýewro diýmekdir. Wengriýada garaşylýan hasyl 2,4 million tonna (takmynan 444 million ýewro), Ispaniýada 1,4 million tonna azaldy, Germaniýada hem önümçiligiň peselmegi şeýle möçberlere ýetdi.
Coceral-yň maglumatlaryna görä, aşa yssy Fransiýanyň merkezinde we günortasynda, Germaniýanyň günortasynda, Awstriýada, Polşada we Wengriýada dänäniň ýetişýän iň jogapkärli döwrüne gabat geldi. Bu aýratyn-da ýazlyk arpa babatda şeýle boldy, güýzlük arpanyň esasy bölegi bolsa aýylganç yssy başlamazdan öň bişip ýetişdi.
Financial Times neşiri 2026-njy ýylyň iýun aýynyň Günbatar Ýewropanyň tutuş taryhynda iň yssy aý bolandygyny belleýär. Bu möwritde Fransiýada howanyň temperaturasy 43°C-den, Wengriýada bolsa 40°C-den ýokary geçdi.