16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Mejlise gatnaşyjylar sebit we halkara howpsuzlygy, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem durnuklylygy pugtalandyrmak, serhetleri dolandyrmak, döwrebap wehimlere hem-de howplara garşy göreşmek, özara baglanyşygy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Ahmet Gurbanow mejlisde eden çykyşynda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň durnukly ösüşe, sebit howpsuzlygyny berkitmäge we özara baglanyşygy giňeltmäge ýardam edýän netijeli hyzmatdaşlyk guraly bolup durýandygyny belledi.
Ol Türkmenistanyň uzak möhletleýin howpsuzlygy diňe güýç ulanmak usullary arkaly üpjün etmegiň mümkin däldiginden ugur alýandygyny aýdyp, bu işde syýasy-diplomatik serişdeleriň, döwletleriň arasynda ynamy berkitmegiň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň, halkara hukugynyň berjaý edilmeginň hem-de BMG-niň utgaşdyryjy merkezi ornunyň möhümdigini nygtady.
Şol gün Ahmet Gurbanow Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Žil Bertran we Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň syýasy meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary Olof Skug bilen duşuşyklar geçirdi.
Taraplar owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygy, ynsanperwer kömegi, ulag-energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegi, Hazarüsti ulag geçelgesini we Global Gateway başlangyjyny ösdürmegi, şeýle-de energetika, bilim we hünärmenleri taýýarlamak ulgamlaryndaky özara hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy.
Duşuşyklaryň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.