Doha saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewa katarly kärdeşi Ali Al Jabr Al Nuaými bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini, şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň we ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Katar Döwletiniň Milli muzeýine we Kataryň Yslam sungaty muzeýine baryp gördüler.
Türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary dowam edýär.