TDEI maglumatlary goramak üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça Hakaton bäsleşigini geçirýär

04.04.2024, 15:149,982

26-27-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin “CyberHack” atly onlaýn Hakaton bäsleşigini geçirer.

Hakatonyň temasy – “Sanly gurşawda maglumatlary goramagyň kriptografiki usullaryny programmalaýyn durmuşa geçirmek”.
Bäsleşik şu maksatlar bilen geçirilýär:

  • Maglumatlary goramak üçin täze programma üpjünçiliklerini döretmek we bar bolan programma üpjünçilikleriniň işjeňligini ýokarlandyrmak;
  • Geljekki hünärmenleriň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak;
  • Täze pikirleri we sanly çözgütleri döretmäge we durmuşa geçirmäge ukyply hünärmenleri terbiýelemek.

Hakaton bäsleşigine her okuw mekdebinden 3 adamdan ybarat topar gatnaşyp bilýär.
Emin agzalary şulara baha berer:

  • Talyplaryň iş usullaryna;
  • Tehnologiki sowatlylyga;
  • Işiň ýerine ýetirilişiniň öz wagtynda we dogry bolmagyna;
  • Meseläni çözmegiň netijeliligine;
  • Saýlanyp alnan programmirleme diline;
  • Açyk koduň barlygyna we göwrümine;
  • Programma üpjünçiliginiň maksada gönükdirilenligine, düşnükliligine we ulanmakda ýönekeýligine;
  • Tanyşdyrylyşyň hiline.

Hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.
Gatnaşmak üçin 10-njy aprele çenli görkezilen elektron salgysyna arza ibermeli:  tdei@tdei.edu.tm ýa-da abdyyewjuma@gmail.com.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.