Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik badalga aldy

11.04.2024, 08:364,089

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşige badalga berildi.

Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölümi habar berdi.

Bäsleşik jemi 6 ugur boýunça, aşakda görkezilen seneleriň tertibi boýunça geçiriler:

1-nji ugur: Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika – 11.04.2024 ý.
2-nji ugur: Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika – 12.04.2024 ý.
3-nji ugur: Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary – 15.04.2024 ý.
4-nji ugur: – Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary – 16.04.2024 ý.
5-nji ugur: Innowasion ykdysadyýet – 17.04.2024 ý.
6-nji ugur: Ynsanperwer ylymlary – 18-19.04.2024 ý. 

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
44-88-55.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.