24 km/s: Ferrariniň iň haýal superkaryny 475 müň dollara satmakdan ýüz öwürdiler

18.04.2024, 15:3510,204
1 / 4

Auto.ru portalynyň habar bermegine görä, Bring a Trailer atly onlaýn-auksionda Ferrari F12tdf -iň özboluşly nusgasyna täze eýe tapylmady. Öňki eýesi ony 475 müň dollara satmaga razy bolmady.

Bu awtoulag 2014-nji ýylda döredilen F12tdf-iň trek görnüşiniň zawod prototipi. Adatça, prototip derejesindäki ulag şahsy ele düşmäge degişli däldir, ýöne käbir sebäplere görä bu nusga üçin kadadan çykma edildi. Şeýle-de bolsa, tizligi sagatda 340 km-e ýetýän önümçilik modeli boýunça işler tamamlanandan soň, satuwdan öň prototipiň tizligi 24 km / sag-a çenli çäklendirildi. Iş ýüzünde ol hereketsiz eksponata öwrüldi.
Işleýşiniň çäklendirilendigine garamazdan, awtoulag F12tdf-iň ähli daşky häsiýetlerini saklaýar, şol sanda 780 at güýji öndürýän 6,3 litrlik V12 hereketlendirijisi hem öňküligine galýar.
Resmi taýdan prototip hasaba alynmaga we jemgyýetçilik ýollarynda ulanylmaga degişli däldir. Şeýle-de bolsa, täze eýesi elektron çäklendirijini aýryp, ýapyk trassada onuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp biler.
Nusganyň özboluşlydygyny göz öňünde tutsak, ol ulag serişdesi däl-de, kolleksiýanyň bir bölegi bolup galar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.