Toyota "Hilux REVO BEV" modeliniň köpçülikleýin öndüriljekdigi barada mälim etdi

21.05.2024, 13:2513,505
1 / 4

2025-nji ýylyň ahyrynda elektrik güýç gurluşly täze Toyota Hilux kysymly awtoulagyň çykmagyna garaşylýar. Onuň önümçiligi satylýan awtoulaglaryň 50%-i pikaplaryň paýyna düşýän ýeri bolan Tailandda ýola goýlar diýip, Reuters habarlar gullugyna salgylanýan IXBT habar berýär.

 

Täze Hilux REVO BEV-iň ýöreýiş ätiýaçlygy 200 km töweregi bolar. Muny onuň esasy bäsdeşi Isuzu D-MAX BEV-iň görkezijileri bilen deňeşdirip bolar.

“Ýöreýiş ätiýaçlygy näçe uzak bolsa, şonça-da uly batareýany oturtmaly bolýar. Bu awtoulagyň hem ep-esli agyrlaşýandygyny, şonda peýdaly ýüküň has az boljakdygyny aňladýar" - diýip, Toyota Motor Asia-niň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Pras Ganeş aýdýar.

Toyota pikapyň çekiji batareýasynyň kuwwaty 71,4 kWt•s.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.