Aşgabatdan, Marydan we Türkmenabatdan "Awaza" howa gatnawlarynyň sany artdyryldy

02.06.2024, 22:5910,451

Tomus möwsüminiň gelmegi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýän syýahatçylaryň sanynyň artmagy bilen "Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlarynyň sanyny artdyrdy. 

Awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, "Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça hem ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany hepdede 16 gatnawa çenli artdyryldy".
Şeýle hem Mary – Türkmenbaşy – Mary, Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat ugry boýunça goşmaça gatnawlar ýola goýuldy.

Tomusky dynç alşy netijeli guramak maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» agentligi ähli halkara howa menzilleriniň ýerüsti tehnikalary, zerur bolan awtoulaglar bilen doly derejede üpjünçiligi, uçuş-gonuş zolagynyň yşyklandyryş, habar beriş ulgamlary boýunça synag-barlaglary, howa hereketini dolandyrmak, şeýle-de ýolagçylara ýokary hilli, medeniýetli hyzmat etmek boýunça şahsy düzümi bilen taýýarlyk işlerini geçirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.