Aşgabat şäherindäki "Ykdysatçy" okuw merkezi diňleýjileri okuwa çagyrýar

23.08.2024, 15:197,592

“Ykdysatçy” okuw merkezi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky ugurlar boýunça gysga möhletli okuwlara kabul edilýändigini yglan edýär:

  • Buhgalter - 10 aý.
  • Bank işi - 10 aý.
  • Işewürlik we telekeçilik - 10 aý.
  • Işewürlik-informatika - 10 aý.

Okuwlara 35 ýaşa çenli, orta bilim hakyndaky resminamasy bar bolan raýatlar kabul edilýär. 
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • arza;
  • orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;
  • pasportynyň göçürmesi;
  • saglyk kepilnamasy;
  • soňky okuw ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;                                                                                           
  • 3x4 ölçegdäki iki sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • ýaşaýan ýeri boýunça harby wekilliginiň güwähaty (oglanlar üçin).

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki "Ykdysatçy" okuw merkezinde kabul edilýär.
Salgysy:  Aşgabat şäheri., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73, 
Telefonlar:
+993 12 48-62-94;
+993 (65) 558179.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.