Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli haýsy çäreler geçiriler?

31.08.2024, 12:119,827

30-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Bilimler we talyp ýaşlar gününe, 2024-2025-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, bu sene mynasybetli dürli dabaralar geçiriler Hususan-da,

  • Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde çäreleri geçirilmek meýilleşdirilýär;
  • Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen geçiriler. Ol Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçiliklere bagyşlanar.
  • Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan “Bilimli” atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
  • Ahal welaýatyndaky 1200 orunlyk orta mekdep, Lebap welaýatyndaky 1360 orunlyk 2 sany orta mekdep, Mary welaýatyndaky 160 orunlyk çagalar bagy hem-de 500 orunlyk orta mekdep dabaraly ýagdaýda açylar.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.