Awgust aýynda dünýäniň awtomobil pudagynda öňdebaryjylar belli boldy

20.09.2024, 11:2813,944

2024-nji ýylyň awgust aýynda global awtomobil bazary 3,5% pese gaçyşy görkezdi, ýeňil we ýeňil täjirçilik ulaglarynyň satuwy 6,89 mln birlik boldy.

“GlobalData” konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, iň köp awtomobil Hytaýda, ABŞ-da we Ýewropada satyldy diýip, tarantas.news belleýär.

Satuw boýunça öňdebaryjylar:

  • Hytaý 1,97 mln ulag satyp, birinji orny eýeledi, bu hem onuň dünýäde iň uly awtoulag bazary hökmünde ornuny berkidýär.
  • ABŞ 1,43 mln satylan awtomobil görkezijisi bilen ikinji orny eýeleýär.
  • Günbatar Ýewropa bu aýy 0,76 mln satylan awtoulag bilen tamamlady, bu hem geçen aýlar bilen deňeşdirilende pese gaçyşy görkezýär.

Beýleki sebitler:

  • Gündogar Ýewropa 0,36 mln awtomobil satdy.
  • Günorta Amerika – 0,26 mln, Ýaponiýa – 0,33 mln, Kanada – 0,16 mln, Günorta Koreýa – 0,13 mln awtomobil.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.