Türkmen talyplary maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara olimpiadanyň ýeňijileri boldular

10.10.2024, 21:444,486

Russiýanyň Soçi şäherindäki «Sirius» federal çäklerde geçirilen maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiadada türkmen talyplary üstünlikli çykyş edip, dört sany baýrakly orunlary eýelediler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Jennet Berdiýewa - Olimpiadanyň «Ykdysadyýet» ugrunda ýeňiji diýen ada hem-de I orna mynasyp boldy;
  • Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýsenem Nuryýewa bu ugur boýunça II orny eýeledi.
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Täjimyradow «Maglumat howpsuzlygy» ugrundan II orna mynasyp boldy.
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Arslan Şaimow «Halkara gatnaşyklar» ugry boýunça II orun berildi. 

Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň 9-syndan ybarat bolan milli topar Türkmenistana wekilçilik etdi.
Umuman, dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan gatnaşyjylaryň 600-e golaýyna olimpiadanyň finalyna gelmek başartdy. Olar deslapky saýlama synaglaryndan üstünlikli geçdiler we her ýylky däp boýunça «Siriusda» duşuşdylar. 
Russiýanyň mekdep okuwçylarynyň 28-si we talyplarynyň 82-si, şeýle hem daşary ýurtlaryň 36-syndan talyplaryň 56-sy, şol sanda biziň ýurdumyzdan talyplaryň 4-si olimpiadanyň ýeňijileri hem-de baýrak eýeleri boldular. 
Olimpiada dört ugur: ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy, hukukşynaslyk, halkara gatnaşyklar boýunça geçirildi. 
«Siriusda» bolmaklarynyň bäş gününde oňa gatnaşyjylar onlarça çärelerde: umumy sapaklarda, interaktiw ussatlygynda, ussatlyk sapaklarynda, maslahatlaşmalarda, «Möhüm meseleler boýunça söhbetdeşliklerde», sorag-jogap bäsleşiklerinde, rus halk oýunlary festiwalynda, «Sibir halklarynyň medeniýeti we däp-dessurlary» atly serginiň açylyşynda we sport ýaryşlarynda boldular. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.