Jaguar sargyt boýunça özüniň meşhur modelini 50 ýyldan soň gaýtadan döretdi

27.10.2024, 17:1716,832
1 / 4

Jaguar kompaniýasy meşhur E-Type modeliniň iki sany täze nusgasyny hödürledi. Soňky gezek şeýle model 1974-nji ýylda konweýerden çykypdy.

Awtomobiller Günorta-Gündogar Aziýadan ady agzalmadyk müşderiniň sargydy boýunça Jaguar Classic bölümçesi tarapyndan döredildi diýip, Esquire.kz habar berýär.
Täze E-Type asyl çyzgylar boýunça gaýtadan döredildi we asyl Signet Green hem Opal Black reňkleri bilen boýaldy. Awtomobilleriň interýerinde kümüşden we 18 karat altyndan Deakin & Francis bezegleri ulanyldy.
Awtomobiliň kapotynyň aşagynda elektron ýangyç goýberijisi bolan 3,8 litrlik hereketlendiriji we mehaniki 5 basgançakly hereket geçiriji guty gurnalan. Täze E-Type Bluetooth we öňdäki aýnany gyzdyrma ýaly döwrebap funksiýalar bilen enjamlaşdyryldy.
Ilkinji gezek Jaguar E-Type 1960-njy ýyllaryň başynda hödürlendi. Model 1955-nji ýyldan 1957-nji ýyl aralygynda yzygider üç gezek “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşynda ýeňiş gazanan Jaguar D-Type ýaryş awtomobiliniň binýadynda döredildi. Awtoulag ýiti dizaýna we şol döwürde ösen tehnologiýalara eýe boldy hem-de öz döwri üçin haýran galdyryjy 240 km/sag tizligini görkezdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.