Türkmenistanyň ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň netijelerine we geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

26.01.2025, 18:091,586

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-nde 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ÝB-niň taslamalarynyň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere üns çekildi. Ol geçen 30 ýylyň içinde yzygiderli we netijeli ösdürildi.
Duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa ­ Ýewropa Bileleşigi» hyzmatdaşlyk formaty gatnaşyklary giňeltmekde möhüm gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, sanlylaşdyrma, ekologiýa we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem, sebitara syýasy dialog we hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, energetika, howanyň üýtgemegine garşy bitarap ykdysadyýeti we umumy howpsuzlyk meselelerini çözmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin Bilelikdäki ýol kartasynyň ähmiýeti beýan edildi.
Metbugat maslahatyna gatnaşyjylar gazanylan üstünlikler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.