Serdar Berdimuhamedow hökümetara türkmen-türk toparynyň düzümini tassyklady

05.02.2025, 09:227,928

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi. Degişli resminama metbugatda çap edildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi 2025-nji ýylyň 19-20-nji fewralynda geçiriler.
Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.