BMW X7-niň Ýaponiýa üçin ýörite wersiýasyny çykardy, ýöne ony satmaz

06.02.2025, 13:1611,947
1 / 9

BMW-niň ýapon bölümi X7 krossoweriniň Nishiki Lounge atly aýratyn görnüşini hödürledi. Bu awtoulag däp bolan ýapon senetleriniň elementleri bilen bezelen ýörite içki bezegi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de bolsa, model nusga bolmagynda  galar we satuwa çykarylmaz diýip, auto.ru habar berýär.

Nishiki Lounge-nyň kuzowy Rolls-Royce Cullinan-dan ylhamlanan iki reňkli: etegi goýy gök we ýokarsy kümüşsöw öwüşgini aldy. Faralar Swarovski kristallary bilen bezelipdir.
Içinde seýrek senetçilik usullary ulanylýar. Öňki panel folganyň birnäçe görnüşi we lak ulanylyp döredilen goshiki gingasane nagşy bilen örtülendir. Ortaky tirseklik  örme deri zolaklaryndan ýasalan. Poluna köp gatly ýüplükden elde dokalan kasuri halyçalary ýazylan.
15 müň LED-iň kömegi bilen döredilen “ýyldyzly asman” täsirli potolok bilen dizaýnyň üsti ýetirilýär.
Krossower 10-njy fewraldan 3-nji mart aralygynda BMW-niň Tokiodaky täze diler merkezinde tanyşdyrylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.