BMW täze nesil X5 modelinde V8 hereketlendirijili görnüşiň peýda boljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Häzirki wagtda bu model diňe alty silindrli içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen hödürlenýär.
Täze görnüş BMW M bölüminiň krossower üçin taýýarlan zawod sazlama toplumynyň sanawynda agzalýar.
Şeýle awtoulagyň bazara haçan çykjakdygy häzirlikçe belli däl. Häzirki wagtda ol işlenip taýýarlanylýar. Kompaniýanyň meýilnamalaryna görä, bu doly derejeli X5 M däl-de, M Performance görnüşi bolar.
BMW geljekki krossoweriň takyk tehniki aýratynlyklaryny hem häzirlikçe aýan etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa onuň üçin M Performance Sound çykaryş ulgamynyň taýýarlanýandygyny habar berdi. Häzirki meýilnamalara görä, hereketlendirijiniň bu görnüşi Ýewropada hereket edýän talaplar sebäpli elýeterli bolmaz.

Täze X5 we elektrikli iX5 modelleri hem M Performance toplumyndan birnäçe bölek aldy. Olaryň arasynda öňki bezeg elementleri we splitter, täze yzky spoiler, şeýle hem awtoulagyň yzky bölegi üçin goşmaça bezegler bar. Bu detallaryň käbiri karbondan ýasalar. Gapdal aýnalaryň täze korpuslary we diffuzor bolsa aramid kompozitinden öndüriler. Bu material elektromagnit tolkunlaryny geçirýär, şonuň üçin aýnalarda we awtoulagyň yzky böleginde ýerleşdirilen datçikleriň işine päsgel bermeýär.
Krossowerler üçin diametri 21-den 23 dýuýma çenli bolan sport tigirleri hem hödürlener. Geljekki V8 görnüşi üçin çykaryş turbalarynyň karbondan ýasalan uçlary hem göz öňünde tutulýar.

Mundan ozal awtoulag pudagyndaky çeşmeler benzinli V8 hereketlendirijili X5 modeliniň M60 adyny alyp biljekdigini habar beripdi. Deslapky maglumatlara görä, hereketlendirijiniň kuwwaty, takmynan, 600 at güýji bolar we ol gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylmaz. Şeýle görnüşiň diňe käbir bazarlarda satylyp bilinjekdigi hem habar berlipdi.