BMW sport awtoulaglarynyň yzky bölegini «bökdürip» bolar

Şu gün, 17:05917
1 / 2

BMW sport awtoulaglarynda drifti aňsatlyk bilen başlatmaga kömek etjek üýtgeşik asma ulgamyny patentledi. Täze tehnologiýa yzky tigirlere düşýän dik agramy gysga wagtlaýyn azaldyp, olaryň ýol bilen ilişmesini gowşatmagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin awtoulagyň yzky okuny çalaja «bökdürip» bolar ýaly ederler.

CarBuzz neşiriniň patent resminamasyna salgylanyp habar bermegine görä, BMW bu maksat üçin adaptasiýaly asma ulgamyndan ýa-da işjeň durnuklaşdyryş ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär. Ulgam zerur pursatda awtoulagyň ressorlanmadyk massasyny — tigirleri, stupisalary we ok bilen bagly beýleki hereket edýän bölekleri — örän gysga wagtlaýyn ýokaryk, impuls görnüşinde hereket etdirýär. Netijede, yzky okdaky dik agram wagtlaýyn azalýar we yzky tigirleriň ýola ilişmesi gowşaýar.

Şeýle usul yzky tigirleriň çekişini gysga wagtlyk peseldip, olaryň typmagyny we drifte girmegi aňsatlaşdyryp biler. Şeýlelikde, adaty ýagdaýda sürüjiden has takyk hereketleri talap edýän drifti başlatmak prosesi ýeňilleşer.

BMW bu prosesi elektron ulgam arkaly gözegçilikde saklamagy hem göz öňünde tutýar. Ulgam awtoulagyň tizligini we öňki tigirleriň öwrülme burçuny göz öňünde tutup, drifti başlatmak üçin amatly pursady kesgitläp biler. Şeýlelikde, yzky okdaky bu gysga wagtlaýyn hereket diňe degişli sürüş şertlerinde amala aşyrylar.

Häzirlikçe gürrüň diňe patent barada gidýär. Şonuň üçin bu tehnologiýa BMW-niň geljekki köpçülikleýin öndürilýän modellerinde ulanyljakmy ýa-da diňe tejribe hökmünde galjakmy, bellisi ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.