Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet boýunça wise-premýeri çalyşdy

07.02.2025, 22:2018,466

7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mährijemal Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýän Bahar Seýidowany bellemek barada resminama gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bahar Seýidowa bildirilen ýokary ynam üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutany wise-premýere medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagy, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegini gözegçilikde saklamagy, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegi, teleradio ýaýlymlarda ýaş nesliň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri köpräk taýýarlamagy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň  işini yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.