Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatyna täze häkim belledi

07.02.2025, 22:2323,831

Soltanmyrat Soltanmyradow Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Toýguly Nurmyradow bellenildi. Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Toýguly Nurmyradow özüne bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan edip, welaýaty mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, bilimini we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.