2024-nji ýylda Türkmenistanda önümçilik we durmuş maksatly 86 desga ulanmaga berildi

07.02.2025, 23:155,964

2024-nji ýylda Türkmenistanda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi. Bu barada 7-nji fewralda wise-premýer B.Annamämmedow giňişleýin Hökümet mejlisinde hasabat berdi. BU barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýyl ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda

  • Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebi,
  • Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasy,
  • Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy,
  • Halkara Sagaldyş - dikeldiş hem-de Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri,
  • Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry,
  • “Aşgabat-Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegi,
  • “Balkan-Daşoguz” elektrik geçiriji howa ulgamy hem-de “Daşoguz” elektrik bekedi,
  • Aşgabat şäherinde “Bagtyýarlyk” suw arassalaýjy desgasy, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlary we desgalar toplumy,
  • Türkmenistan boýunça jemi 5 sany orta mekdebiň we 2 sany çagalar bagynyň binalary bar.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.