Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 33 million 683 müň dollardan gowrak boldy

10.02.2025, 23:162,476

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly natrini, karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, jins önümleri, nah mata we nah ýüplük ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 175 million 405 müň manada deň bolan polipropileni, nebit önümleriniň galyndylaryny (“Türkmennebit” döwlet konserni), portlandsementi, float aýnasyny, tüýjümek önümleri, buýan köküniň erginini satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.