Ozal habar berşimiz ýaly, 17-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu forum milli ykdysadyýetiň we medeni-durmuş ulgamynyň geçen ýyllardaky özgertmelerini we gazanan sepgitlerini şöhlelendirýär.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň, häkimlikleriň, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdy. Çärede Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Sergi bilen tanyşmazdan ozal, gatnaşyjylara ýurduň gazanan üstünliklerini, durmuşa geçirilen özgertmeleri, halkyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan işleri şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.
Sergi meýdançasyndaky diwarlyklar myhmanlary milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça durmuşa geçirilýän işler we innowasion taslamalar bilen tanyşdyrýar.
Bu ýerde ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň sergi diwarlyklary hem aýratyn ünsi çekýär. Olarda bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny kämilleşdirmek we hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler görkezilýär.
Ýangyç-energetika we senagat ulgamynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» korporasiýasy nebit-gaz känleriniň özleşdirilişi, daşary ýurtlara mawy ýangyjy ibermegiň bar bolan ugurlary we geljekki ýollary bilen tanyşdyrýar. Şunda TOPH gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etjek «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryna badalga berilmeginiň ähmiýeti hem aýratyn nygtalýar.
Ulag we logistika pudagyna bagyşlanan diwarlyklarda halkara geçelgeleri, sanly gümrük amallary hem-de ýük daşamak boýunça mümkinçilikler giňişleýin şöhlelendirilýär. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagynyň ýurduň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.
Oba hojalygy hem-de dokma senagaty tarapyndan azyk bolçulygy, seçgiçilik işleri, ýokary hilli dokma we haly önümleri hödürlenilýär.
Şeýle hem Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada gürrüň berýän diwarlyk sergä gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi. Bu ýerde indi gurulmaly Demirýol menziliniň maketi aýratyn ünsüňi çekýär.

«Arkadag» futbol kluby hem öz diwarlygynda häzire çenli gazanan hemme kuboklaryny ýerleşdirdi.


Sergide «Aýdyň gijeler» we «Agzybirlik tilsimaty» kärhanalarynyň öndürýän kompýuterleri, elektronikalary we öý hojalyk tehnikalary, şeýle-de sowadyjylary, gaz plitalary, mebelleri öndürýän telekeçileriň täze önümleri hem hödürlendi.
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 19-njy sentýabrda öz işini tamamlar..