Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlaýar

Şu gün, 10:14318

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň giň gerimli sergisi öz işine başlaýar. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag hatyny iberdi. Onuň doly mazmuny TDH tarapyndan neşir edildi.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda bu serginiň ykdysadyýetiň gazananlaryny görkezmekde we ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan düýpli özgertmelere, senagat we oba hojalyk ulgamlaryndaky uly ösüşlere aýratyn ünsi çekdi. Gutlagda bellenilişi ýaly, import edilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümçilikleriň artdyrylmagy, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy durnukly ykdysady ösüşi üpjün edýär. Durmuş ugurly çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde täze obalar, şäherler bina edilip, halkyň ýokary hilli ýaşaýyş şertleri üpjün edilýär.

«Biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli başlangyçlarymyz, düýpli özgertmelerimiz belent maksada — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilendir. Biz ýurdumyzyň özgertmeler ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Berkarar Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek boýunça syýasatymyzy doly amala aşyrarys» – diýip, Prezident belledi.

Döwlet Baştutany bu sergide diňe bir gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň däl, eýsem, geljekki täze taslamalaryň we başlangyçlaryň hem öz beýanyny tapýandygyny nygtady.

Gutlagynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Sergi 17–19-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde geçirilýär.