Türkmenistan bilen Russiýa hökümetara toparynyň mejlisinde haýsy meseleleri maslahatlaşar?

Şu gün, 00:36313

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisine taýýarlyk görülýär. Bu barada 18-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahat edildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Toparyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi. Duşuşygy Moskwa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Mejlisiň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, senagat hem-de oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri giriziler.

Şeýle hem taraplar maliýe-bank we gümrük ulgamlarynda, sanly tehnologiýalar babatynda özara hyzmatdaşlygy maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Beýleki meseleleriň hatarynda daşky gurşawy goramak, döwlet kadastry we iki ýurduň işewürler toparlarynyň hyzmatdaşlygy bar.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Russiýanyň ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi we hökümetara toparynyň mejlisine ýokary guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtady. Ol toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi makullady we degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.