Türkmenistanyň DIM-nde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

12.02.2025, 12:061,978

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kala bilen duşuşyp, häzirki we geljekki bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk 11-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde geçirildi.

Söhbetdeşler, hususan-da, radiobejergi gullugyny döwrebaplaşdyrmak, radiasiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk binýadyny rejelemek boýunça işleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda IAEA-nyň çäklerinde Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň esasy hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi bellenildi. Şeýle-de, taraplar Türkmenistan boýunça IAEA-nyň çarçuwaly maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagynyň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Aşgabat şäherinde Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkeziniň gurluşygynyň çäginde IAEA-nyň bilermenlerini çekmek meseleri boýunça pikir alşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.