Türkmen oba hojalyk instituty okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin “Açyk gapylar” günlerini geçirýär

25.03.2025, 12:429,356

Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary Açyk gapylar” gününe çagyrýar.

2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 10-njy maýynda institutda ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler.
“Açyk gapylar” günleri aşakdaky salgylarda sagat 10:00-da başlanýar.
Türkmen oba hojalyk instituty barada maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

  • Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň binasynda.

Salgysy: Daşoguz ş. Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy.
Telefonlary: 800322-9-33-92800322-9-40-68.

  • Lebap welaýaty boýunça Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde.

Salgysy: Türkmenabat ş. Zelili köçesiniň 1-nji A jaýy.
Telefonlary: 800422-9-89-56800422-9-87-71800422-9-88-12.

  • Mary welaýaty boýunça Baýramaly şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde.

Salgysy: Baýramaly ş. Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy.
Telefonlary: 800564-6-38-19800564-6-07-84.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.