Toyota Fudosan 33 milliard dollara Toyota Industries-i satyn alar

06.06.2025, 09:025,433

Toyota konserni Toyota Industries-iň paýnamalaryny satyn alar. Olar konserniň başlygy Akio Toýodanyň ýolbaşçylygyndaky Toyota Fudosan bölümine geçiriler diýip, Reuters habar berýär.

Satyn alyş bahasy 33 milliard dollar bolar. Ylalaşykdan soň komponent öndürijisi jemgyýetçilik kompaniýasy bolmagyny bes eder.
Häzirki wagtda Toyota Industries-iň paýnamalarynyň esasy eýeleri Toyota Motor, Toyota Tsusho, Denso we Aisin bolup durýar. Dolandyryşy bir elde jemlemek üçin Toyota Fudosan täze holding gurluşyny döreder.
Holding Toyota Industries-iň 100% paýyna eýe bolar. Olaryň 99,44% -i Toyota Fudosan tarapyndan dolandyrylar. Galan 0,56% -i taslama 1 milliard ýena (takmynan 7 million dollar) maýa goýjak Akio Toýoda alar.
Toyota Industries-iň üýtgedilip gurulmagynyň maksady aýan edilmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.