Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

03.07.2025, 18:274,045

Nissan Motor Co. ýapon kompaniýasy hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk sebäpli ABŞ-da 443 899 awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär.

Şeýlelikde, dürli ýyllarda çykan Nissan RogueNissan AltimaInfiniti QX50 we Infiniti QX55 modelleri yzyna gaýtarylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Nissan hereketlendirijiniň zaýalanmagyna ýa-da doly durmagyna getirip, heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyryp biljek önümçilik näsazlygyny ýüze çykardy.
NHTSA-nyň hasaplamagyna görä, näsazlyk yzyna gaýtarylýan ulaglaryň, takmynan, 1,2%-inde bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.