Nebraskada 50 ýaşly wagt kapsulasyny açdylar. Içinden hakyky awtoulag çykdy

10.07.2025, 23:5112,149
1 / 4

ABŞ-nyň Nebraska ştatynyň Stýuard şäherinde, takmynan, 50 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wagt kapsulasy açyldy. Içindäki 5000-den gowrak predmetiň arasynda gowy ýagdaýda saklanyp galan hakyky Chevrolet Vega ýeňil ulagy hem bar diýip, The Drive ýazýar.

Dünýäde iň uly hasaplanýan kapsula 1975-nji ýylyň 4-nji iýulynda möhürlenipdir. Onda hatlardan we suratlardan başlap Kawasaki motosikline we Chevrolet Vega ulagyna çenli dürli zatlar bar. Motosikl jikme-jik görkezilmedi, ýöne awtoulag hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.
Ulag diňe selofan örtük bilen örtülipdir. Korpusy ýuwlandan soň kapotyň üstünde poslan ýeri görünýär, ýöne umuman alanyňda, Vega-nyň daşky görnüşi erbet däl. Awtoulagyň “2025" diýlen simwoliki tapawutlandyryş belgisi bardy.
Chevrolet Vega 4-nji iýulda Garaşsyzlyk güni mynasybetli Stýuardda geçirilen ýörişe gatnaşdy. Awtoulagyň geljekki ykbaly belli däl, ýöne muzeýe geçirilmegi mümkin.


Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.