ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministrligi daşary ýurtly talyplar, alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşyjylar we žurnalistler üçin wiza düzgünlerini üýtgetmegi hem-de olaryň ýurtda bolup biljek möhletlerine çäklendirmeleri girizmegi teklip etdi. Bu barada edaranyň Federal reýestrinde ýerleşdirilen bildirişe salgylanyp, «Reuters» habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu üýtgeşmeler «F», «J» we «I» kategoriýaly wizalaryň eýelerine degişli bolar. Olaryň ABŞ-da bolmagy okuw maksatnamasynyň, alyş-çalyş maksatnamasynyň ýa-da hünär işiniň möhleti bilen çäklendiriler.
Daşary ýurtly žurnalistler üçin ýurtda bolmagyň iň ýokary möhletini wizany uzaltmak mümkinçiligi bilen 240 gün diýip bellemek teklip edilýär. Hytaýyň raýatlary üçin bolsa bu möhleti 90 güne çenli gysgaltmak meýilleşdirilýär.
Täze düzgünler güýje girmezinden ozal, bu teklibe ABŞ-nyň Kongresi seretmelidir.
Bu başlangyç Prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň alyp barýan migrasiýa syýasatynyň dowamy boldy. Içeri howpsuzlyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, onuň ikinji prezidentlik möhleti başlanaly bäri ABŞ-dan 1,6 milliona golaý bikanun migrant çykaryldy. Mundan öň administrasiýa ýurduň çäginde doglan çagalara awtomatik usulda raýatlyk berilmegini ýatyrmaga hem synanyşypdy, ýöne ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti bu başlangyjy petikledi.