ABŞ-da bogulma töwekgelçiligi sebäpli 211 müňden gowrak çaga köwüşleri yzyna ýygnaldy

Düýn, 13:463,301

ABŞ-nyň iri söwda ulgamy bolan Target, Cat & Jack brendine degişli meşhur çaga sandallarynyň takmynan 211 000 jübütini bogulmak töwekgelçiligi sebäpli bazardan yzyna çagyrdy. Bu baradaky resmi duýduryş ABŞ-nyň Sarp edijileriň haryt howpsuzlygy boýunça komissiýasy (CPSC) tarapyndan çap edildi.

Töwekgelçilik köwşüň üstündäki bezeg maksatly plastik düwmeler bilen baglanyşyklydyr. Olaryň gopup, çaganyň dem alyş ýollaryna düşmek we ömre howp salmak ähtimallygy bar.

Yzyna ýygnalanlaryň içinde esasan gyz çagalar üçin niýetlenen Himani we Sequerah modeldäki açyk sandallar bar. Olar sarymtyl reňkde bolup, palma süýüminden ýasalan iki sany gaýyş we altynsow berkidijiler ilgençekler bilen üpjün edilendir.

Bu köwüşler ABŞ-nyň dükanlarynda 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan maý aýyna çenli bir jübütiniň bahasy takmynam 20 dollar töwereginden satyldy.

CPSC-niň berýän maglumatlaryna görä, öndüriji alyjylardan bezege niýetlenen elementleriň gopanlygy barada 23 sany arza aldy. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe demikme ýa-da şikes alma ýagdaýlary barada tassyklanan maglumat gowuşmady.

Alyjylara bu köwüşleri ulanmagy haýal etmän saklamak, olary satyn alnan dükana tabşyrmak we tölän puluňy doly yzyna almak maslahat berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.