Amerikanyň Boeing korporasiýasy Ýewropa maýa goýum bankynyň öz esasy bäsdeşi bolan Airbus kompaniýasyna beren 3 milliard ýewro möçberindäki karzy sebäpli ABŞ-nyň häkimiýetlerine ýüz tutdy. Boeing amerikan hökümetinden bu meselä goşulmagyny we Ýewropa Bileleşiginden şol berlen karzyň ähli şertlerini açyk hem-de aýdyň görkezmegini talap etmegini soraýar.
Şeýle ýüzlenmäAirbus-yň eýýäm 2030-njy ýyla çenli täze ýolagçy uçaryny döredip biljekdigi baradaky beýanaty sebäp boldy. Boeing ABŞ-nyň Söwda wekilhanasyndan ÝB-den karzyň şertleri barada doly hasabat soramagy we bu karzyň döwlet goldawyny bermegiň açyk hem-de aýdyň tapgyryny göz öňünde tutýan 2021-nji ýyldaky ylalaşyga nähili gabat gelýändigini düşündirmegi haýyş etdi.
ABŞ-nyň Söwda wekili Jeýmişon Grir meňzeş ýagdaýy öwrenip, ony hem Ýewrokomissiýanyň wekilleri, hem-de Boeing bilen maslahatlaşýandygyny habar berdi. Onuň bellemegine görä, eger bäsdeşlikde kompaniýalaryň birine adalatsyz artykmaçlyk berilýän bolsa, amerikan tarapy bu ýagdaýa göz ýumup bilmez.
Boeing korporasiýasy bolsa bu karz baradaky maglumatlaryň, şol sanda 1 milliard ýewrolyk ilkinji tapgyryň wagtyna ünsi çekdi. Olar bu habaryň ABŞ bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda uçar öndürijilere berilýän döwlet goldawy boýunça dowam edýän söwda dawasyna girizilen wagtlaýyn çäklendirmeniň nämälim möhlete çenli uzaldylmagyndan bary-ýogy dört gün soň äşgär edilendigini bellediler.
Ikinji tarapdan, Ýewropa maýa goýum banky bu aýyplamalary ret edip, Airbus-a berlen serişdäniň aýratyn bir goldaw däl-de, eýsem adaty göterimli karzdygyny mälim etdi. Bankyň düşündirmegine görä, bu karz kompaniýa 2030-njy ýyla çenli öz uzak möhletleýin maýa goýumlaryny maliýeleşdirmäge mümkinçilik berer.
Reuters geçen ýyl ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň gysga möhletli gümrük töleglerinden soň uçarlary we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny salgytlardan boşatmaga razy bolandygyny ýatladýar. Umuman alanyňda, Boeing bilen Airbus arasyndaky döwlet subsidiýalary baradaky bu uly dawa Bütindünýä Söwda Guramasynda 17 ýyllap dowam etdi. 2021-nji ýylda taraplar ilki bäş ýyllyk moratoriýa barada ylalaşypdylar, soňluk bilen ol nämälim möhlete çenli uzaldyldy.